Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 307 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün beren beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 307 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 75,568 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 18 müň 133 täze hassa tapyldy, şolardan 2 müňden gowragy keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 691 müň 352 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,144,197 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda "kovid-19" -yň 17 million 343 müň 586 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.