Eýranyň "Koo Eýran Barakat" atly sanjymynyň köpçülikleýin önümçiliginiň açylyş dabarasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11556-eýranyň_koo_eýran_barakat_atly_sanjymynyň_köpçülikleýin_önümçiliginiň_açylyş_dabarasy
Hezretleri Ymam Homeýniniň (RA) permanyny ýerine ýetiriji Baş edarasynyň başlygy, "Koo Eýran Barakat" atly Eýran sanjymynyň köpçülikleýin önümçiliginiň açylyş dabarasynda her Aýda 30 million doza sanjym öndüriljekdigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 11, 2021 11:23 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň

Hezretleri Ymam Homeýniniň (RA) permanyny ýerine ýetiriji Baş edarasynyň başlygy, "Koo Eýran Barakat" atly Eýran sanjymynyň köpçülikleýin önümçiliginiň açylyş dabarasynda her Aýda 30 million doza sanjym öndüriljekdigini habar berdi.

Hezretleri Ymam Homeýniniň (RA) permanyny ýerine ýetiriji Baş edarasynyň başlygy "Muhammet Mohber" "Koo Eýran Barakat" sanjymynyň önümçiliginiň ilkinji açylyşy barada beren gürrüňlerinde: Şu bu sanjymyň 300,000 dozdan ybarat bolan ilkinji ýüküniň  gowşurlandygyny nygtady.

Mohber şeýle-de1400-nji ýylyň şahriwar aýyna çenli sanjymyň 30 million dozany gowşuryp bileris diýdi.

Eýranly alymlar we hünärmenler korona wirusyna garşy sanjymlaryň birnäçe görnüşini öndürmekde üstünlik gazandylar, bu bolsa dünýäniň ylmy toparlary tarapyndan wasp edildi.