Rabiei: ýadro ylalaşygynyň doly we takyk durmuşa geçirilmegi üýtgemejek ýeke-täk ölçegdir
(last modified Tue, 11 May 2021 12:50:32 GMT )
May 11, 2021 17:50 Asia/Ashgabat
  • Rabiei: ýadro ylalaşygynyň doly we takyk durmuşa geçirilmegi üýtgemejek ýeke-täk ölçegdir

Eýran Yslam Respublikasynyň döwletiniň metbugat sekretary ýadro ylalaşygynyň doly we takyk durmuşa geçirilmegi üýtgemejek ýeke-täk ölçegdir diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň döwletiniň metbugat sekretary "Ali Rabiei" sişenbe güni EýranPress habar gullugynyň, Wena gepleşikleri esasynda sanksiýalaryň ýatyryljakdygy ýa-da wagtlaýyn ýatyryljakdygy barada beren soragyna jogap edip, Eýran, sanksiýalaryň ýadro ylalaşygyň we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararynda ýazylşy ýaly ýatyrylmagyna garaşýar diýdi.

Rabiei sözüniň dowamynda sanksiýalaryň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly jedelleriň köpüsi çözüldi we ähli taraplar bu meselede ylalaşyga ýetdiler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň döwletiniň metbugat sekretary şeýle-de ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump-yň administrasiýasynyň ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegini kynlaşdyrmaga gönükdirilen täze sanksiýalary girizmekde ýüze çykan çylşyrymly kynçylyklar Wena gepleşiklerini käbir tapgyrlarda hasam kynlaşdyrandyr diýip sözlerine goşdy.

ýadro ylalaşygynyň bilelikdäki komisiýasynyň mejlisi Awstriýanyň paýtagty Wenada dowam edýär.

Eýran Yslam Respublikasy, Amerikanyň Eýrana garşy ähli sanksiýalary iş ýüzünde ýatyranda we sanksiýalaryň ýatyrylmagy Eýran tarapyndan tassyklanmagyndan soň öz üstüne alan borçnamalaryna gaýdyp geljekdigini aýtdy.

 

Tags