Ynkylabyň ýokary lideri: Sionistler güýç dilinden başga zada düşünmeýärler
May 12, 2021 19:35 Asia/Ashgabat
- Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri düý agşam (sişenbe) talyp guramalarynyň wekilleri bilen wideo duşuşygynda sionistleriň güýç dilinden başga zada düşünmeýändiklerini aýdyp Palestinliler jenaýatçylary boýun egmäge we wagşyçylykly hereketlerini bes etmäge mejbur etmek üçin güýçlerini we çydamlylygyny ýokarlandyrmalydyrlar diýdiler.
Bu duşuşykda Aýatolla Hameneý çuňňur gynanjyny bildirdi we Yslam dünýäsinde, ýagny Owganystanda we Palestinde bolup geçen iň soňky iki ajy we ganly wakany berk ýazgarmak bilen Goý, Hudaý bigünä owgan çagalaryň ençemesini gana boýan jenaýatçylara nälet bersin we bu ýetginjek gyzlary şehit etmek bilen jenaýatlaryny hetden aşydylar diýip beýan etdiler.