Ruhani: Yslam hyzmatdaşlygy guramasy Palestindäki wakalarda has işjeň rol oýnamalydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Palestindäki soňky wakalarda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işjeň rol oýnamalydygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad bin Halifa Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Oraza baýramyny bu ýyruň döwletine we halkyna gutlap Kataryň Sionist režimiň Al-Aqsa metjidinde eden soňky hereketlerini we Gaza garşy guralan agyr hüjümlerini we jenaýatlaryny ýazgarmakdaky pozisiýasyny garşy alyp, Palestina halkyny we azatlygyny goramak üçin şeýle-de Sionist režimiň hüjümlerine, duşmançylykly we jynsparaz hereketlerine garşy durmak üçin Yslam ýurtlarynyň bilelikde hyzmatdaşlyk etmekleriniň zerurdygyny nygtady.
Ruhani sözüni dowamynda Ýemendäki ýagdaýa ünsi çekip, Ýemen krizisiniň harby çözgüdi ýokdugyny aýdyp,bu ýurduň krizisini çözmek üçin hyzmatdaşlygyň we tagallalaryň zerurdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Kataryň emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde şeýle-de iki ýurduň arasyndaky dürli syýasy, ykdysady we söwda ugurlarynda gatnaşyklaryň ösmegine we çuňlaşmagyna ünsi çekip Ýüpek ýoly diýlip atlandyrylýan ägirt uly transport baglanyşyk meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi we ulanylmagy Pars aýlagynyň demirgazygyndaky we günortasyndaky ýurtlaryň arasynda has uly ykdysady ösüşe getirer diýip umyt bildirdi.
Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad bin Halifa Al Sani hem bu telefon söhbetdeşliginde Eýranyň döwletini we halkyny Oraza baýramynyň gelmegi bilen gutlap, Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina baradaky soňky pozisiýasyna ýokary baha bermek bilen Katar Eýran bilen palestinalylara edilýän hüjümleri ýazgarmak we bes etmek meselesinde ylalaşýar we Yslam konferensiýa guramasynyň bu ugurda täsirli rol oýnamagyň zerurdygyny nygtady.