Eýran-Hytaý diplomatik toparlary Wenada duşuşyk geçirdiler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11594-eýran_hytaý_diplomatik_toparlary_wenada_duşuşyk_geçirdiler
Hytaý we Eýran ýurtlarynyň diplomatik toparlarynyň ýolbaşçylary Wenada ýadro ylalaşygy baradaky gepleşikleriň ýagdaýyny gözden geçirmek üçin duşuşdylar.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
May 14, 2021 16:47 Asia/Ashgabat
  • Eýran-Hytaý diplomatik toparlary Wenada duşuşyk geçirdiler

Hytaý we Eýran ýurtlarynyň diplomatik toparlarynyň ýolbaşçylary Wenada ýadro ylalaşygy baradaky gepleşikleriň ýagdaýyny gözden geçirmek üçin duşuşdylar.

"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, Wenadaky maslahatlardan soň anna güni Hytaý we Eýran wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn ýygnak geçirildi.

Eýran gepleşik toparynyň başlygy "Seýid Abbas Aragçiniň" ýerleşen ýerinde geçirilen ýygnakda iki tarap gepleşikleriň ýagdaýy we käbir möhüm meseleler barada pikir alyşdylar.

Soňky günlerde Eýran we P4 + 1 wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeler dürli derejelerde we formatlarda üznüksiz dowam etdi.