Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 200 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün beren beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 200 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 76,633 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 7 müň 723 täze hassa tapyldy, şolardan bir müň 282-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 739 müň 875 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,210,850 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda "kovid-19" -yň 17 million 882 müň 461 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.