Goragçy geňeşi, Eýranyň prezidentligine dalaşgärleriň başarnygyna garap başlady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11626-goragçy_geňeşi_eýranyň_prezidentligine_dalaşgärleriň_başarnygyna_garap_başlady
Goragçy geňeşiniň metbugat sekretary Eýranda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgärleriň kärlerini barlamak başlandy diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 16, 2021 18:31 Asia/Ashgabat
  • Goragçy geňeşi, Eýranyň prezidentligine dalaşgärleriň başarnygyna garap başlady

Goragçy geňeşiniň metbugat sekretary Eýranda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgärleriň kärlerini barlamak başlandy diýip yglan etdi.

Goragçy geňeşiniň metbugat sekretary Abbas Ali Kadhodai ýekşenbe güni Radio we telewideniýe gullugyna beren interwýusynda bu geňeşdäki prezidentlige kandidatlaryň aşarnygynyň barlagynyň başlandygyny habar berdi we: "Goragçynyň tassyklamasyna görä Geňeşiň hasaba alyş prosesi gowy boldy " diýip habar berdi.

Ýurduň saýlaw kampaniýasynyň başlygy "Jamal Orf": "Jemi 592 adam prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alynmak üçin saýlaw merkezine ýüz tutdy" -diýdi.

Eýranyň 13-nji prezident saýlawy 1400-nji ýylyň 28-nj hordad aýynda  geçiriler.