Eýran bilen Tunis parlamentleriniň başlyklarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
Eýranyň parlament başlygy, Tunis mejlisiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Sionist režiminiň soňky hüjümini ýazgarmak bilen Palestina halkyny goramak we Kudsyň azat edilmegi we Yslam dünýäsiniň ideallaryna giňden goldaw bermek dünýädäki ähli musulmanlaryň we azatlyk gözleýänleriň borjydyr diýdi.
Eýranyň parlament başlygy Muhammet Bager Galibaf ýekşenbe güni Tunisiň Wekiller palatasynyň başlygy Raşid al-Haryji al-Gannouçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Kudsy basyp alyjy režimiň palestinaly musulmanlary, esasanam goragsyz aýallary we çagalary öldürmekdäki wagşy tebigatyna ünsi çekip häzirki wagtda basyp alyjy režimiň, musulmanlaryň ilkinji kyblasy bolan Al-Aqsa metjidinä bihormatçylyk etmeden başga-da, adamzada garşy we Gazanyň we Palestiniň halkyny öldürmek baradaky jenaýat işini dowam etdirýän mahaly, halkyň wekilleri höküminde Yslam ýurtlarynyň parlamentleriniň Palestini doly goldamaklarynyň zerurdygyny aýtdy.
Eýranyň parlament başlygy şeýle-de Sionist režimiň aç-açan jenaýatlaryny we Gaza zolagynyň we Al-Aqsa metjidiniň betbagtçylyklarynda halkara jemgyýetçiliginiň we adam hukuklarynyň dymmagyny Yslam dünýäsine el-gatmak diýip atlandyrmak bilen "Palestina halkyny goramak we Kudsyň azat edilmegi we Yslam dünýäsiniň ideallaryna giňden goldaw bermek dünýädäki ähli musulmanlaryň we azatlyk gözleýänleriň borjydyr" diýdi.
Tunisiň Wekiller mejlisiniň başlygy Raşid Al-Hariji Al-Gannouçi hem Oraza baýramyny gutlady we telefon jaňy üçin minnetdarlyk bildirmek bilen "Gaza zolagynda we Ramallahda basyp alyjy sionist režimiň agressiýasynyň möwjemegi Oraza baýramyny ähli musulmanlar üçin gynanç we gam bilen hemra edendir diýdi."
Al-Gannouçi: "Halkara jemgyýetçiliginiň Kudsy basyp alyjy režimiň agressiýasyny duruzyp bilmeýän ýagdaýynda,Musulmanlar Palestini, Kudsy we bu sebitdäki musulman halkyny goramak üçin elinden gelenini etmelidirler" diýdi.