Raisi: Sionistler bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň yzynda bolan ýurtlar bu režimiň jenaýatlarynyň hyzmatdaşydyrlar
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Basyp alýan sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýän ýurtlar, elbetde, bigünä palestinaly çagalaryň we aýallaryň ganlarynyň dökülmeginde Sionist režim bilen hyzmatdaşdyrlar diýdi.
Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy "Seýed Ybrahim Raisi" duşenbe güni Kazyýetiň ýokary geňeşiniň mejlisinde sionistleriň Gazanyň goragsyz halkyna eden hüjümlerini ýazgarmak bilen, Aýallaryň we çagalaryň öldürilmegi, esasanam gür ilatly ýerlerde binalaryň weýran bolmagy, Gazanyň ýaşaýjylaryna edilýän zulum BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň we halkara guramalarynyň Palestina halkyna hereketsizligini we bitapawutdygyny ýene bir gezek subut etdi diýdi.
Raisi sözüniň dowamynda bu pajygaly wakalar palestina halkyny hamala adam hukuklary guramalary tarapyndan öz hukuklarynyň ulanylmagyndan has beter naumyt boldylar we bu, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Günbataryň hiç wagt palestinalylaryň ýitiren hukuklaryny dikeltmek üçin çäre görmeýändigini görkezýär diýdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy sionistleriň jenaýatlarynyň jogapsyz galmajakdygyny we çydam güýçleriniň Palestiniň ykbalyny göreş we berk durmak bilen kesgitlejekdigini aýtmak bilen Palestinalylaryň, hak islýjileriň we adalat gözleýänleriň berk islegi ýakyn wagtda dünýäde peýda bolar we Ylahy ar alyş eli Palestinanyň ezilen halkynyň hukuklaryny alar diýdi.