Bageri kani: Amerika Howpsuzlyk Geňeşini adam hukuklarynyň gurbanlyk sypasyna öwürdi
Eýranyň kazyýet güýjüniň adam hukuklary boýunça merkeziniň sekretary: Amerikanyň Birleşen Ştatlary, adamzada garşy duşmançylygy güýçlendirip, BMG Howpsuzlyk Geňeşini adam hukuklarynyň gurbanlyk sypasyna öwürdi diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Eýranyň kazyýetiniň adam hukuklary merkeziniň sekretary "Ali Bageri Kani" oňa Italiýa, Siriýa, Päkistan, Bahreýn, Palestina Yrak we Ýemen ýaly ýurtlardan adam hukuklaryny goraýjylaryň bir toparynyň gatnaşmagynda "Palestinany goldaýan ýaşlar" ady bilen wirtual suratda geçirilen ýygnagda Amerika režimi tarapyndan palestina halkyna adamkärçiliksiz çemeleşilmegine yşarat edip
BMG Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan çykarylan üçünji beýannamany weto etmekde ABŞ režiminiň jenaýatçylykly çemeleşmesi dünýädä adam hukukyny toslaýan iň ulumsy we ýüzi galyň ýurdy tarapyndan "adam hukuklarynyň weto edilmegi" we adamlary we olaryň hukuklaryny ýaňsylamak manysyndadyr diýdi.
Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary merkezziniň sekretary, Sionist režimiň goragsyz palestina halkyna edýän agyr harby hüjümi we halkara metbugatynyň giňden boýkot edilmegi barada gürrüň gozgap Sionistler we günbatar ýaranlary çydamyň sesini dymdyryp bilmezler diýdi.