Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün beren beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 200 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 78,194 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 11 müň 250 täze hassa tapyldy, şolardan bir müň 532-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 815 müň 882 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,304,824 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.