Amir Hatami: Çüýrän sionist agajy ýakyn wagtda ýykylar
Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri köksiz sionist agajyň çüýrändigini aýtmak bilen Gaza söweşiniň bu agajyň ýakyn wagtda ýykyljakdygyny görkezdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri "general Amir Hatami" şu gün, ýekşenbe güni Goranmak senagatynyň ýerüsti söweş üstünlikleriniň sergisiniň açylyş dabarasynda beren gürrüňlerinde: Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasy soňky asyrlarda üýtgeşik bir ýagdaýda durandygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri şeýle-de goranmak ukybynyň we halkyň goldawynyň utgaşmagy Eýran üçin ynam dörediji güýç döretdi we biz oňa buýsanýarys diýdi.
Amir Hatami, bu güýjüň dürli ugurlarda täsirini şu gün görýändigimizi aýdyp, şeýle düşündirdi: Häzirki wagtda duşman Eýrandan artykmaçlygyny ýitirendigini gynanç bilen aýdýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri sözüniň dowamynda Eýranyň goranyş güýji takyk we dogry logika bilen ulanylýar we sebitdäki ähli ýurtlar bilelikde howpsuz bolmalydyrlar diýdi.
Amir Hatami şeýle-de şübhesiz, Eýran häzirki wagtda raketa we uçarmansyz uçarlar bölüminde dünýäde möhüm we ilkinji güýçleriň biridir diýip sözlerine goşdy.