Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün beren beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 216 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 78,597 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 8 müň 631 täze hassa tapyldy, şolardan bir müňden gowragy keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 832 müň 518 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,333,789 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda "kovid-19" -yň 18 million 932 müň 896 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.