Ruhani Liwanyň günortasynyň azat edilmeginiň ýyl dönümini gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti öz ýüzlenmesinde Liwanyň günortasynyň azat edilmeginiň ýyl dönümini gutlady.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, Liwan döwletini we halkyny çydam baýramy we ýurduň günortasyny Sionist režiminiň basyp alyjy güýçlerinden azat etmegiň ýyl dönümi bilen gutlady.
Ruhani bu ýüzlenmesinde: Sionist režimiň agressiýasyndan gözbaş alýan tebigaty, basybalyjylara garşy durmagyň ýeke-täk ýolunyň milletiň garşylygydygyny görkezdi diýdi.
Ruhaniniň ýüzlenmesinde Liwan halkynyň, goşunyň we agzybirligi saklamak we ýurduň çäklerini goramak baradaky garşylyklara laýyklykda Eýran Yslam Respublikasy, öňki ýaly Liwan döwletine we halkyna goldaw berjekdigi aýdylýar.