Eýranyň mejlisi Hazar deňziniň howpsuzlygy boýunça Eýranyň hyzmatdaşlyk etmek şertnamasyny tassyklady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11746-eýranyň_mejlisi_hazar_deňziniň_howpsuzlygy_boýunça_eýranyň_hyzmatdaşlyk_etmek_şertnamasyny_tassyklady
Eýranyň mejlisiniň agzalary Eýran bilen dört ýurduň arasynda Hazar deňziniň howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyny tassykladylar.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
May 25, 2021 15:45 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň mejlisi Hazar deňziniň howpsuzlygy boýunça Eýranyň hyzmatdaşlyk etmek şertnamasyny tassyklady

Eýranyň mejlisiniň agzalary Eýran bilen dört ýurduň arasynda Hazar deňziniň howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasyny tassykladylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni Eýranyň mejlisiniň wekilleri Eýranyň Hazar deňziniň howpsuzlygy we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş meselesinde Orsýet, Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy baglaşmak baradaky şertnamany tassyklady.

Mejlisiň kazyýet we hukuk komissiýasynyň metbugat sekretary "Seýed Kazem Delhoş Abatari" bu kanun taslamasy barada beren gürrüňlerinde bu kanun taslamasy, Eýranyň Hazar deňzindäki milli bähbitlerini üpjün etmek üçin işlenip düzüldi we şertnama baglaşýan ýurtlar bilen sebitleýin hyzmatdaşlyk Hazar deňziniň howpsuzlygyna goşant goşup biler diýdi.