Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11748-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün beren beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 208 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 79,056 adama ýetdi diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 25, 2021 11:22 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün beren beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 208 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 79,056 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 11 müň 873 täze hassa tapyldy, şolardan bir müňden gowragy keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 855 müň 396 adama ýetdi diýip habar berdi.

Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,362,428 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda "kovid-19" -yň 19 million 185 müň 9336 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.