Goranmak pudagynda Eýranyň ajaýyp üstünlikleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11750-goranmak_pudagynda_eýranyň_ajaýyp_üstünlikleri
Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri, Eýranyň goranmak pudagynda gazanan üstünlikleriniň möhümdigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 25, 2021 12:12 Asia/Ashgabat
  • Goranmak pudagynda Eýranyň ajaýyp üstünlikleri

Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri, Eýranyň goranmak pudagynda gazanan üstünlikleriniň möhümdigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri "Brigada generaly Amir Hatami": Soňky ýyllarda gury ýer söweşinde, esasanam tanklara garşy raketalar, ýerüsti raketalar we daşdan kontorol edip bolýan bomba, taktiki ulaglar we akylly ýaraglar babatynda ajaýyp üstünlikleri gazanyp bildik diýdi.

general Amir Hatami goranyş pudagynyň beýleki ileri tutulýan ugurlary hökmünde howa goranyşyny, howa söweşini, deňiz we gury ýer güýçlerini güýçlendirmek barada aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri, söweşlerde gury ýer söweşleriň möhümdigine we strategiki ähmiýetine ünsi çekip: Gury ýer söweşi möhümdir, sebäbi söweş meýdanynda her bir ýurduň goranyş güýjüni kesgitleýär diýdi.