Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11806-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün beren beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 173 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 79,741 adama ýetdi diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 29, 2021 12:24 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün beren beýanatynda soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 173 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 79,741 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 7 müň 107 täze hassa tapyldy, şolardan bir müňden gowragy keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 893 müň 218 adama ýetdi diýip habar berdi.

Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,425,033 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda "kovid-19" -yň 19 million 687 müň 077 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.