General Salami: Amerikanyň maksady sebiti durnuksyzlaşdyrmakdyr
Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi: Amerikanyň maksady sebiti durnuksyzlaşdyrmakdyr diýdi.
Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi general-maýor Huseýin Salami şu gün beren gürrüňlerinde ABŞ-nyň häzirki prezidenti Jo Baýden ýaly biriniň gelmegi Ak tamyň özüni alyp barşyny üýtgetmez diýdi.
Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi şeýle hem Amerikalylaryň esasy maksady sebitdäki ýurtlary howpy we durnuksyz etmek we olary hemişe dartgynly ýagdaýda saklamakdyr diýdi.
General-maýor Salaminiň pikiriçe: Yslam ýurtlarynda howpyň ýaýramagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu ýurtlary bölmekdäki esasy maksatlaryndan biridir we olaryň güýç gurluşyny ýok etmek we Yslam dünýäsiniň energiýa çeşmelerine we ykdysadyýetine agalyk etmek Amerikanyň hemişelik strategiýalarynyň biridir diýip beýan etdi.
General-maýor Salami sözüniň dowamynda Amerikalylar Baýden döwründe hem şol bir strategiýany ýerine ýetirerler we olara ynam ýokdyr diýmek bilen olar Ysraýyla we Saud Arabystanyna goldaw bermegi dowam etdirýärler diýdi.
Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi şeýle-de, sebitdäki Amerikalylaryň basyp alyjylygynyň dowam etmegine ünsi çekip: Olar henizem Yragy basyp alýarlar we Siriýada henizem ot açýarlar, we Saud Arabystan arkaly Ýemen halkyny öldürýärler olar diňe Owganystandan gaçmaly boldular diýdi.
General-maýor Salami şeýle-de Amerikalylaryň sebitden gaçmakdan başga çäresi ýokdyr, emma gitmeseler sebitden çykarylar emma mälim bolşyndan olar muňa belli bir derejede düşünen bolmaly diýip nygtady.