Namaki: Eýranly sanjym bilen umumy sanjym edilmek indiki hepde başlar
May 31, 2021 12:12 Asia/Ashgabat
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri: Hordad aýynda we baharyň ahyrynda Eýranyň sanjymy halk köpçüligine sanjym etmäge taýýardyr we sanjym indiki hepde başlar diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri Said Namaki sözüniň dowamynda protokollary ýerine ýetirmek üçin bu sanjym meýletin bolar diýmek bilen Ilki bilen, men we kärdeşlerim sanjym etmek üçin meýletin bolarys diýdi.
Eýranyň Saglyk ministri sözüni dowam etdirip Eýran bilen Kubanyň arasyndaky bilelikdäki sanjym, dünýädäki iň oňat sanjymlardan biridir we bu sanjymdan soň Barakat sanjymydyr diýip beýan etdi.