Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy saýlaw bäsleşikleri barada çynlakaý duýduryş berdiler
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň kibernetik giňişligindäki sahypasynda bir makala çap edildi, onda saýlaw bäsleşiklerde kemsitmelerden we ýamanlamaklardan saklanmak barada çynlakaý duýduryş berildi.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidentligine dalaşgärleriň ilkinji çekişmesine jogap hökmünde Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideriniň Instagramy öz ýazgysynda şeýle diýýär: Dalaşgärler teleýaýlym jedellerinde kemsitmek, töhmet atmak, beýleki tarapy ýamanlamak we garşydaşyndan halky gorkuzmak usulyna eýerenlerinde, ýurdumyza zyýanlary ýetendir.
Eýranda geçiriljek prezident saýlawlaryna 7 kandidatyň arasyndaky ilkinji saýlaw bäsleşigi düýn, şenbe güni geçirildi.
Eýranyň prezidentligine ýedi kandidat telewideniýede geçirilen beýleki iki çekişmä gatnaşar. Eýranyň on üçünji prezident saýlawy 1400-nji ýylyň 19-njy Hordadynda geçiriler.