Raisi: Adamlara meseleleriň çözülip biljekdigine umyt berilmelidir
Eýranda geçiriljek 13-nji prezident saýlawyna dalaşgär saýlaw meýdançasyna giren taraplaryň meseleleri çözüp biljekdigi barada adamlara umyt berilmelidigini aýtdy.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranda geçiriljek 13-nji prezident saýlawyna kandidat "Seýed Ybrahim Raisi" ýekşenbe güni eden çykyşynda prezident saýlawlaryna Eýran halkynyň giňden gatnaşmagy oňyn netijelere sebäp boljakdygyny nygtady.
Eýranyň 13-nji prezident saýlawynda dalaşgär şeýle-de, Kazyýet ulgamynda Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň ýolbaşçylygynda käbirleriniň durmuşa geçirilmegine ynanmaýan hereketler edildi diýdi.
Raisi şeýle-de ýaşlaryň mümkinçiliklerinden has köp peýdalanylmalydygyny belläp: Ýurduň meselelerini ýaşlar we elitalar çözüp biler diýdi.
Eýranda geçiriljek 13-nji prezident saýlawyna dalaşgär: Nädogry ykdysady kararlar zeper ýetirýär we käbirleriniň milliarder bolmagyna, käbirleriniň garyp bolmagyna sebäp bolýar diýdi.
Häzir güýçli ýagdaýdadygyny we has köp güýç gözlemeýändigini aýdan Raisi, halkyň meselelerini çözmek üçin prezident meýdançasyna girendigini aýtdy.
Eýranyň on üçünji prezident saýlawy 1400-nji ýylyň 28-nji Hordadynda geçiriler.