Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11908-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 122 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 06, 2021 12:33 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 122 adamyň ölendigini habar berdi.

ISNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýekşenbe güni soňky 24 sagadyň dowamynda 122 "kowid-19" hassasynyň ölendigini yglan edip, ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 81 063-e ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi bu hasabatynda ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kowid-19 bilen kesellän 5 müň 612 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 966 müň 364 adama ýetdi diýip habar berdi.

Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,552,401 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem şu wagta çenli ýurtda 20 million 688 müň 723 “kowid-19” anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.