Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 179 adamyň ölendigini habar berdi.
EýranPressyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýekşenbe güni soňky 24 sagadyň dowamynda 179 "kowid-19" hassasynyň ölendigini yglan edip, ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 81 362-e ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi bu hasabatynda ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kowid-19 bilen kesellän 8 müň 846 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 980 müň 116 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,578,263 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem şu wagta çenli ýurtda 20 million 938 müň 338 “kowid-19” anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.