BMG-nyň Baş sekretarynyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Zarif bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11922-bmg_nyň_baş_sekretarynyň_owganystan_işleri_boýunça_ýörite_wekili_zarif_bilen_duşuşdy
BMG-nyň Baş sekretarynyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Jan Arno şu gün öýleden soň (sişenbe) Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 08, 2021 14:11 Asia/Ashgabat
  • BMG-nyň Baş sekretarynyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Zarif bilen duşuşdy

BMG-nyň Baş sekretarynyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili Jan Arno şu gün öýleden soň (sişenbe) Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşdy.

ISNA-nyň habaryna görä, Owganystandaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin biziň ýurdumyza wekilçilik eden BMG-nyň Baş sekretarynyň Owganystan işleri boýunça ýörite wekili  Jan Arno, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşyp, Owganystandaky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşykda Zarif Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystan baradaky pozisiýasyny, esasanam bu ýurtdaky parahatçylygy we howpsuzlygy, şeýle hem Owganystanyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk etaby baradaky garaýyşyny açyklap, ýurdumyzyň owganara gepleşikleri goldaýandygyny we owganlaryň gazananlaryny goramagyny düşündirdi.

Bu duşuşykda Arnan Arnault goňşularyň rolunyň ähmiýetine ünsi çekip, bu wezipä bellenenden soň Eýrandan sebite syýahatyny başlandygyny aýtmak bilen Owganystandaky meseläni köpçülikleýin hereket etmek arkaly çözüp bolar we onuň tagallalarynyň esasy maksady bu köpçülikleýin hyzmatdaşlyga ýol tapmakdyr diýdi.