Ruhani: Eýran-Orsýet gatnaşyklary ösendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i11948-ruhani_eýran_orsýet_gatnaşyklary_ösendir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda ösendigini aýdyp, döwlet bilen Orsýetiň prezidentiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy öwdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 10, 2021 11:16 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran-Orsýet gatnaşyklary ösendir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda ösendigini aýdyp, döwlet bilen Orsýetiň prezidentiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy öwdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni milli taslamalaryň 71-nji hepdesiniň açylyş dabarasynda: Eýran bilen Orsýetiň arasynda gaty ýakyn gatnaşyklar bar we Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşinden soň Orsýet bilen hemişe gowy gatnaşyklarymyz bardy, ýöne bu sekiz ýylda dürli ugurlarda gatnaşyklar ösdi diýdi.

Ruhani sözüniň dowamynda Orsýetiň döwletine we Prezident Wladimir Putine Moskwanyň Tähran bilen hyzmatdaşlygy üçin sag bolsun aýdýaryn diýdi.

Eýranyň prezidenti şeýle hem: Orsýet bilen Siriýa meselesinde örän möhüm hyzmatdaşlygymyz, Azerbaýjan respublikasy we Kawkaz pudagyndaky möhüm üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz, we Ýewraziýa pudagynda Orsýet we beýleki agza ýurtlar bilen gaty gowy hyzmatdaşlygymyz bar diýdi.

Ruhani şeýle-de Hazar deňziniň örisinde we bu kölüň kanuny režiminde dostlukly ýurtlar, şol sanda Orsýet bilen möhüm ädimler ädildi diýdi.

Eýranyň prezidenti iki ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň Orsýetiň hyzmatdaşlygy bilen başlandygyny we gurulýandygyny aýtmak bilen harby meseleler esasanam goranmak babatynda Orsýet bilen gowy hyzmatdaşlygymyz bar, Orsýetiň "S-300" goranyş ulgamy gelenden soň bu ugurdaky gatnaşyklar öňküsinden has giňeldi diýdi.

Ruhaniniň pikiriçe: Eýranyň Orsýet bilen Wenamada ýadro ylalaşygy dikeltmek baradaky şu günki tagallalary hem bu hyzmatdaşlygyň arasyndadyr we Orsýet Eýran üçin möhüm goňşudyr we gatnaşyklar iki ýurduň, sebitiň we dünýäniň bähbidine bolar.

Ruhani şeýle-de 1400 MWt kuwwatly iri elektrik stansiýasynyň açylmagy Eýranyň günorta sebiti we Makran kenary üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Hormozgan welaýatynyň Sirik şäherinde ýerleşýän Eýran bilen Orsýetiň 1400 MWt bilelikdäki elektrik stansiýasynyň işi Eýranyň prezidentiniň buýrugy bilen başlandy.