Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 153 adamyň ölendigini habar berdi.
IRNA-yň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda 153 "kowid-19" hassasynyň ölendigini yglan edip, ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 81 6722-e ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi bu hasabatynda ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kowid-19 bilen kesellän 12 müň 398 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 3 million 3 müň 112 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,612,091 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem şu wagta çenli ýurtda 21 million 194 müň 370 “kowid-19” anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.