Eýranyň prezident saýlawlarynyň 3-nji çekişmesi
Eýran Yslam rewolýusiýasynyň prezident saýlawlarynyň 3-nji çekişmesinde dürli ykdysady meseleler barlandy.
Eýranda geçiriljek 13-nji prezident saýlawynyň üçünji we soňky çekişmesi şenbe güni agşam geçirildi.
Eýranyň prezident saýlawyna dalaşgärleriň "Halk aladalary" baradaky üçünji we soňky çekişmesi Eýran Yslam Respublikasynyň tele-radio Guramasynda geçirildi. Bu çekişmede ykdysady, durmuş we daşary syýasat meseleleriniň giň topary gozgaldy. Soraglar dalaşgärleriň meýilnamalary we çözgütleri tapyp biljek derejede döredildi.
Ykdysady mümkinçiliklerden peýdalanmaga we ýaşlaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inflýasiýany ýok etmegiň we bir biržanyň işjeňleşmeginiň meselelerini çözmek üçin meýilnamalary we maksatnamalary hödürlemäge, saglygy goraýyş we daşary gatnaşyklar boýunça giňişleýin maksatnamany durmuşa geçirmäge; Dalaşgärleriň ara alyp maslahatlaşan käbir meseleleri bolandyr. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, çekişme gowy pursatdy; Emma aslynda, adamlaryň aladalary çekişmäniň çäginde jemläp boljak zat däldir. Hususan-da, çekişmäniň möhüm bölegi esasan dalaşgärleri tankytlamak we inkär etmek we hökümetiň işine gönükdirildi. Şygarlar, aýyplamalar we wezipeli adamlaryň çykyşlary üç çekişmäniň reňkli taraplarydy emma köp wadalar hem berildi.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi soňky çykyşynda dalaşgärlere çekişmeleriň ABŞ-dakylara meňzeş "güýç ugrundaky göreş we kemsitme sahnalaryna öwrülmelidäldigini, ýerine ýetirip bimejek wadalardan bermekden saklanmagy maslahat berdiler. Geçmişde, jedellerde we saýlaw programmalarynda halka töhmet we gorkuzmak ýaly usullar ulanylanda, ýurde zerer ýetdi,diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri duýdurdylar.
Durmuş we Ykdysady meseleleri çözmek, diskriminasiýa we korrupsiýa garşy göreşmek mümkin bolmajak wadalar bilen düzedip bolmaýar we halk muny gowy bilýandir. Geçmişe göz aýlamak we ýalňyşlyklardan öwrenmek we önümçilikde we ösüşde täsirli we milli jebisligi saklamak üçin ähli mümkinçilikleri we güýçleri ulanmak we içerki ukyplara ynanmak meseleleri Eýran halkynyň talaplarydyr.