Eýranyň "Koo Iran Barakat" sanjymyny ulanmak üçin ygtyýarnama berildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12014-eýranyň_koo_iran_barakat_sanjymyny_ulanmak_üçin_ygtyýarnama_berildi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri Eýranyň "Koo Iran Barakat" korona sanjymyny ulanmak üçin ygtyýarnamanyň berilendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 14, 2021 11:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri Eýranyň "Koo Iran Barakat" korona sanjymyny ulanmak üçin ygtyýarnamanyň berilendigini habar berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri "Said Namaki" şu gün beren gürrüňlerinde şu gün Eýran, Koo Iran Barakat sanjymy üçin gyssagly rugsat aldy we indiki hepde käbir kemçilikleriň çözülmegi bilen Pasteur sanjymy üçin ygtyýarnama berler diýdi.

Namaki sözüniň dowamynda ýakyn wagtda ulanylýan sanjymlaryň sanawyna Razi we Fakhra atly sanjymlary goşular diýip beýan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri şeýle-de Içerde döredilen kuwwat bilen, Eýranyň ähli maksatly ilatyna şu güýzüň ahyryna çenli sanjym ediler diýip yglan etdi.

Eýranly gözlegçiler tarapyndan "Koo Iran Barakat" atly ilkinji korona sanjymynyň kliniki gözlegleriniň birinji tapgyrynyň adam sanjymy 2020-nji ýylyň 29-njy dekabrynda başlandy.

Eýranly alymlar we bilermenler Ak tamyň görkezen rehimsiz we adamkärçiliksiz sanksiýalaryna garamazdan korona wirusyna garşy sanjymlaryň birnäçe görnüşini işläp taýýarlamagy başardylar.