Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda 119 "kowid-19" hassasynyň ölendigini yglan edip, ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 82 217-e ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi bu hasabatynda ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kowid-19 bilen kesellän 10 müň 715 täze hassanyň tapylandygyny yglan etmek bilen şolardan bir müň 246-synyň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 3 million 39 müň 432 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,666,601 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.
Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 176 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 3,820,000-den gowrak adam bu keselden öldi.