Ruhani: Eýranyň ýaragly güýçleriniň güýji öňünialyş maksatlydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleriniň güýji we kuwwaty diňe öňünialyş we poşman ediji goranmak üçindir diýmek bilen Eýran sebitiň howpsuzlygyny özi we goňşulary üçin kepillendirýän güýçdir diýdi.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Hasan Ruhani Goranmak ministrliginiň milli meýilnamalaryny ulanmak dabarasynda beren gürrüňlerinde soňky sekiz ýylda Eýranyň howa goranyş güýji öňküsinden has ýokary bolandyr diýip beýan etdi.
Ruhani şeýle-de döwrebap howa goranyş ýaraglary bu döwürde guruldy we ýurduň raketa kuwwaty öňküsinden has güýçli boldy, Bu döwürde deňiz güýçleri tarapyndan talap edilýän frigatlar, suwasty gämiler we raketalar babatynda köp mümkinçiliklere ýetdik we deňiz kruiz raketalarynyň aşyp bilýän aralygy 300-den 1000 kilometre çenli artdyrdyk we häzirki wagtda ýurduň ýaragly güýçleri güýçli ukypdan paýlydyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Kowsar söweşijisiniň, uçar hereketlendirijisiniň gurluşygy ýaly howa güýçleri babatdaky mümkinçiliklerine ünsi çekdi we şeýle diýdi: Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň goşuny we Yslam Rewolýusiýasynyň Ynkylap goragçylary iki sany ýeterlik ýaragly güýçdirler we Döwletiň we Goranmak ministrliginiň mümkinçilikleri bilen daşary ýurda gitmezden ýurdumyzy gorap bileris.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýene bir gezek Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleriniň güýji we kuwwaty diňe öňünialyş we poşman ediji goranmak üçindir diýmek bilen Eýran hökümeti we ýaragly güýçlerimiz hiç haçan haýsydyr bir ýurda çozmagy maksat edinen däldir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: Biz goňşularymyza ýaragly güýçlerimiziň güýjüniň sizi goldaýandygyny we goraýandygyny we size garşy däldigini aç-açan aýdýarys diýdi.
Ruhani şeýle-de sözüniň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň sebitdäki ýurtlaryň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny goraýandygyny aýtdy.