Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda 129 "kowid-19" hassasynyň ölendigini yglan edip, ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 82 480-e ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi bu hasabatynda ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kowid-19 bilen kesellän 10 müň 487 täze hassanyň tapylandygyny yglan etmek bilen şolardan bir müň 315-siniň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 3 million 60 müň 135 adama ýetdi diýip habar berdi.
Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,696,434 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.