Ruhani: Eýran halky, ykdysady söweşde duşmana garşy durandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ykdysady söweşiň üç ýarym ýylynda Eýran halky köp ejir çekdi, ýöne duşmana garşy durdy diýip beýan etdi.
Hasan Ruhani ministrler kabinetiniň mejlisinde beren gürrüňlerinde üç ýarym ýyllyk ykdysady uruşyň we Eýrana garşy sanksiýalar mahaly, köp halatlarda howpy pursata öwürdik ýa-da ýok etdik diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bu üç ýarym ýylda býudjet üçin nebit ulanyp bilmändigimize we geçen ýyl nebitiň býudjetdäki paýynyň 12,000 milliard toman ýa-da 2,5 göterim bolandygyna yşarat edip biz bu ýagdaýda nebitsiz býudjet düzdük we Nebitsiz býudjet düzüp biljekdigimizi hiç kim pikir etmeýärdi diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, duşmana garşy durmakda hökümet bilen halkyň bilelikde işleýändigini aýtmak bilen millet köp ejir çekdi we köp kynçylyklara sezewar boldy, ýöne duşmana garşy durmagy başardy diýip nygtady.
Ruhani, ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlara gatnaşmagyň möhümdigini aýtmak bilen şu günler biziň ýüzbe-ýüz bolýan iň möhüm meselämiz, 28-njy Hordad, ýagny saýlaw günidir we Saýlawlar biziň üçin elmydama möhüm bolandyr diýip beýan etdi.