Hatibzadeh: Halyk ulgamyň güýjidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12092-hatibzadeh_halyk_ulgamyň_güýjidir
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary twitde halkyň Yslam respublikasynyň güýji bolandygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 18, 2021 08:56 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Halyk ulgamyň güýjidir

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary twitde halkyň Yslam respublikasynyň güýji bolandygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh şu gün geçirilip duran prezident saýlawlary barada twit ýazyp, halkyň Eýran Yslam Respublikasynyň güýji bolandygyny ýazdy.

Hatibzadeh bu twitinde: Bütin dünýädäki Eýranlylar indiki prezidentini saýlamak arkaly öz ýurdunyň geljegini kesgitlemek hukugyny ýene bir gezek ulanýarlar diýip ýazdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda 42 ýyl bäri halkyň ses bermegi Eýran Yslam Respublikasyny gorap gelýändir diýdi.

13-nji döwür prezident saýlawy, şäher we oba Yslam geňeşleriniň 6-njy saýlawy, ýolbaşçylygyň hobralar mejlisiniň 5-nji möhletiniň döwürara saýlawy we Yslam şura mejlisiniň 11-nji möhletiniň döwürara saýlawy şu gün anna güni ir sagat 7-de başlandy.