Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 111 adamyň ölendigini habar berdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýekşenbe güni soňky 24 sagadyň dowamynda 111 adamyň korona wirusyndan ölendigini we bu keselden ölenleriň sany 82,965-e ýetendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem düýnden şu güne çenli ýurtda anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, “kowid-19” bilen kesellän 8161 hassanyň bardygyny mälim etmek bilen näsaglaryň umumy sanynyň 3 million 95 müň 135-e ýetendigini yglan etdi.
Hasabata görä, şu wagta çenli 2,748,320 näsag sagaldy ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldy.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şu wagta çenli ýurtda 22 million 321 müň 457 “kowid-19” anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.