Ruhani, ykdysady ýagdaý barada saýlanan prezidente hasabat berilmegini nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12112-ruhani_ykdysady_ýagdaý_barada_saýlanan_prezidente_hasabat_berilmegini_nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti döwletiň ykdysady işgärlerini ýurduň ykdysady ýagdaýy barada hasabat saýlanan prezidente tabşyrmaga çagyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 20, 2021 13:11 Asia/Ashgabat
  • Ruhani, ykdysady ýagdaý barada saýlanan prezidente hasabat berilmegini nygtady

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti döwletiň ykdysady işgärlerini ýurduň ykdysady ýagdaýy barada hasabat saýlanan prezidente tabşyrmaga çagyrdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani ýekşenbe güni döwletiň ykdysady işgärlerini ýurduň ykdysady ýagdaýy barada hasabat saýlanan prezident Seýed Ebrahim Raisie tabşyrmaga çagyrdy.

Ruhani hökümetiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň mejlisinde beren gürrüňlerinde esasy harytlar bilen üpjün etmek we jemgyýetiň hal-ýagdaýyny we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak döwletiň 1400-nji ýyl üçin teklip eden mehanizminde esasy okdyr diýdi.

Eýranyň prezidenti şeýle-de döwletiň ähli tagallalary, Eýranyň duşmanlarynyň sanksiýalarynyň garşysynda durmak bilen Esasy we möhüm harytlary üpjün etmek we ýurduň önümçiligini goldamak we gowulandyrmak üçin zerur walýuta girdejisini üpjün etmek bolandyr diýip sözlerine goşdy.