Aragçi: Wenadaky gepleşikleriň kyn bölegi henizem dowam edýär
Jun 21, 2021 06:29 Asia/Ashgabat
Daşary işler ministriniň orunbasary we Wena gepleşiklerine Eýranyň wekiliýetiniň başlygy gepleşikleriň kyn böleginiň galandygyny aýtdy.
NHK bilen geçirilen söhbetdeşlikde Daşary işler ministriniň orunbasary we Eýranyň Wena gepleşiklerine wekiliýetiniň başlygy Seýid Abbas Aragçi, Wena gepleşikleri öňküsinden has ylalaşyga ýakynlaşdy we gepleşik geçirýänler bu tapgyry diňe bir geňeşmeler üçin däl, eýsem karar bermek üçin tamamlamagy karar etdiler divdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary gepleşikleriň tamamlanmagyna we hatda häzirki Eýran döwletiniň döwründe durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirdi.