Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12142-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 116 adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 22, 2021 11:53 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 116 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi Sişenbe güni soňky 24 sagadyň dowamynda 116 adamyň korona wirusyndan ölendigini we bu keselden ölenleriň sany 83,217-e ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem düýnden şu güne çenli ýurtda anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, “kowid-19” bilen kesellän 11 müň 161 hassanyň bardygyny mälim etmek bilen näsaglaryň umumy sanynyň 3 million 117 müň 336-a ýetendigini yglan etdi.

Hasabata görä, şu wagta çenli 2,771,705 näsag sagaldy ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldy.

Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 179 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 3,889,000-den gowrak adam öldi.