Owganystanyň prezidentini Räisini täze orny bilen gutlady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12148-owganystanyň_prezidentini_räisini_täze_orny_bilen_gutlady
Eýran halkynyň saýlanan prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Owganystanyň prezidenti Seýed Ybraýym Räisini saýlawlarda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady we oňa üstünlik arzuw etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 22, 2021 13:13 Asia/Ashgabat
  • Owganystanyň prezidentini Räisini täze orny bilen gutlady

Eýran halkynyň saýlanan prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Owganystanyň prezidenti Seýed Ybraýym Räisini saýlawlarda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady we oňa üstünlik arzuw etdi.

Owganystan bilen Eýranyň iki goňşy we dogan ýurtdygyny belläp, Aşraf Gani, Alyhezretiniň Eýran halkynyň prezidenti hökmünde saýlanmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy hasam giňelder diýip umyt bildirdi.

Eýranyň saýlanan prezidenti Seýed Ybraýym Raisi hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň 13-nji döwür prezident saýlawy geçen anna güni geçirildi we "Seýed Ybraýym Raisi" 17 million 926 müň 345 ses bilen Eýranyň 13-nji prezidenti bolup saýlandy.

Şu wagta çenli dünýä liderleriniň köpüsi Seýed Ybraýym Raisini ýeňşi bilen gutlaýan hatlary iberendirler.