Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12188-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 26, 2021 12:05 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda 123 adamyň korona wirusyndan ölendigini we bu keselden ölenleriň sany 83,711-e ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem düýnden şu güne çenli ýurtda anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, “kowid-19” bilen kesellän 7 müň 34 hassanyň bardygyny mälim etmek bilen näsaglaryň umumy sanynyň 3 million 157 müň 983-e ýetendigini yglan etdi.

Hasabata görä, şu wagta çenli 2,822,704 näsag sagaldy ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldy.