Ruhani: Korona keseliniň ýaýramagy azalýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12192-ruhani_korona_keseliniň_ýaýramagy_azalýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ýurtda korona keseliniň ýaýramagynyň gidişiniň azalýandygyny aýdyp, diňe birnäçe welaýatyň şertleri parhlydyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 26, 2021 12:53 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Korona keseliniň ýaýramagy azalýar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ýurtda korona keseliniň ýaýramagynyň gidişiniň azalýandygyny aýdyp, diňe birnäçe welaýatyň şertleri parhlydyr diýdi.

Hasan Ruhani Korona garşy Milli ştabyň ýygnagynda beren gürrüňlerinde häzirki wagtda  Koronanyň ýurtda täze ýokarlanmagyna şaýat däldigimizi aýtmak bilen Elbetde, bu meselä doly ynanmaly däldiris we protokollary doly ýerine ýetirmelidirs diýdi.

Ruhani sözüniň dowamynda: "Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Orsýetde, Gündogar Aziýada, şeýle hem töweregimizde, gündogar we günbatar goňşularymyzda täze tolkunyň şaýady bolýarys diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, alymlaryň we bilim esasly kompaniýalaryň içerki sanjymlary öndürmekde eden uly işlerine buýsanmalydygymyzy aýtmak bilen içerki sanjym Eýran Yslam Respublikasy üçin uly hormat we buýsançdyr we ýokary lideriň düýn içerki sanjymy ulanmak üçin eden işi gaty gymmatly ädim bolandyr diýip sözlerine goşdy.

Ruhani sözüni dowam etdirip şeýle diýdi: Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri has ir we hatda daşary sanjymy ulanyp bilerdi ýöne içerki sanjymy ulanmagy makul bildiler we bu höweslendiriş biziň ýurdumyzyň alymlarynyň işinde diýseň täsirli boldy we beýle ruhy höwesi maddy meseleler bilen deňeşdirip bolmaýar.