Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12274-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda 127 adamyň korona wirusyndan ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 02, 2021 12:23 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda 127 adamyň korona wirusyndan ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün Anna güni soňky 24 sagadyň dowamynda 127 adamyň korona wirusyndan ölendigini we bu keselden ölenleriň sany 84,516-a ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem düýnden şu güne çenli ýurtda anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, “kowid-19” bilen kesellän 13 müň 836 hassanyň tanalandygyny mälim etmek bilen şolardan bir müň 561 adamyň hassahanalarda ýatyrylandygyny we näsaglaryň umumy sanynyň 3 million 232 müň 696-a ýetendigini yglan etdi.

Hasabata görä, şu wagta çenli 2,902,140 näsag sagaldy ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldy.

Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 183 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 3,972,000-den gowrak adam öldi.