Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12294-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 165 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 04, 2021 11:21 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 165 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýekşenbe güni 165 "kowid 19" hassasynyň soňky 24 sagatda ölendigini habar berdi we ýurtda ölenleriň umumy sanyny 84,792 adam diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 13,781 täze hassanyň tapylandygyny we näsaglaryň umumy sanyny 3,254,818-e ýetirendigini habar berdi.

Hasabata görä, şu wagta çenli 2,926,266 näsag sagaldy ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şu wagta çenli ýurtda 23 million 967 müň 488 “kowid-19” anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.