Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12344-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 146 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 06, 2021 11:15 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 146 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýekşenbe güni 146 "kowid 19" hassasynyň soňky 24 sagatda ölendigini habar berdi we ýurtda ölenleriň umumy sanyny 85,095 adam diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 16,080 täze hassanyň tapylandygyny we şolardan bir müň 733-synyň hassahanalarda ýatyrylandygyny we näsaglaryň umumy sanyny 3,286,923-e ýetirendigini habar berdi.

Hasabata görä, şu wagta çenli 2,953,586 näsag sagaldy ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldy.

Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde 184 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 4 milliondan gowrak adam bu keselinden öldi.