Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12376-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 136 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 08, 2021 13:41 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 136 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýekşenbe güni 136 "kowid 19" hassasynyň soňky 24 sagatda ölendigini habar berdi we ýurtda ölenleriň umumy sanyny 85,397 adam diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 23,391 täze hassanyň tapylandygyny we näsaglaryň umumy sanyny 3,327,526-a ýetirendigini habar berdi.

Hasabata görä, şu wagta çenli 2,981,019 näsag sagaldy ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem, Şu wagta çenli ýurtda 24 million 276 müň 402 korona anyklaýyş synagy geçirildi diýip habar berdi.