Jahangiri: Amerikan işgärleri Eýrana garşy ýeňlişi kabul etdiler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12408-jahangiri_amerikan_işgärleri_eýrana_garşy_ýeňlişi_kabul_etdiler
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary Amerikan resmileri Eýrana garşy ýeňlişi kabul etdilerdiýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jul 10, 2021 16:08 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri: Amerikan işgärleri Eýrana garşy ýeňlişi kabul etdiler

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary Amerikan resmileri Eýrana garşy ýeňlişi kabul etdilerdiýip yglan etdi.

ISNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary "Yshak Jahangiri" şu gün (şenbe) beren gürrüňlerinde: Eýranyň sabyrly halky, ABŞ-nyň iň ýokary basyş syýasatynyň garşysynda iň ýokary garşylyk görkezip ýeňiş gazandy diýdi.

Jahangiri şeýle-de öňki administrasiýada we häzirki administrasiýada ABŞ-nyň işgärleri bu ýeňlişi kabul etdiler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary sözüniň dowamynda bu ýagdaýda halkyň meselelerini çözmek üçin ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp biler ýaly, gepleşikler, duýgudaşlyk we ýurduň görnükli adamlaryny ykrar edilmegi zerurdir diýip beýan etdi.