Eýranda iň soňky korona ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12420-eýranda_iň_soňky_korona_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 182 watandaşyň korona wirusy sebäpli ölendigini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 12, 2021 15:29 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 182 watandaşyň korona wirusy sebäpli ölendigini yglan etdi.

EýranPress habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün 182 "kowid 19" hassasynyň soňky 24 sagatda ölendigini habar berdi we ýurtda ölenleriň umumy sanyny 86,041 adam diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 20,829 täze hassanyň tapylandygyny we olardan iki müň 287-siniň keselhanalarda ýatyrlandygyny yglan etdi.

bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,394,279-a ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şu wagta çenli 3 million 41 müň 541 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.