Zarif Sloweniýanyň premýer-ministriniň kabul ederliksiz hereketini ýazgardy
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasaty boýunça ýokary wekili Josep Borrell bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri Sloweniýanyň premýer-ministriniň mynafyklar toparynyň wirtual ýygnanyşygynda kabul edip bolmajak hereketini ýazgardy.
IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä, Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň aýlawly prezidentligini eýeleýän Sloweniýanyň premýer-ministriniň düýn (şenbe) mynafyklar toparynyň wirtual ýygnanyşygynda bolmagyny göz öňünde tutup, şu gün agşam (ýekşenbe) Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Sloweniýanyň premýer-ministriniň kabul ederliksiz hereketini ýazgaryp, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasaty boýunça ýokary wekili Josep Borrell bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşlikde Sloweniýanyň premýer-ministriniň kabul ederliksiz hereketini ýazgardy we bu meselede EUB-niň pozisiýasynyň açyklanmagyny isledi.
Muňa jogap hökmünde EUB-niň daşary syýasat başlygy Sloweniýanyň premýer-ministriniň aýdanlaryna we ýygnakda aýdylanlaryň EUB-niň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary meselesindäki pozisiýasy däldir diýdi.
Ol şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň liderler derejesindäki pozisiýasynyň diňe Geňeşiň prezidenti we ministrler derejesinde diňe ýokary wekil tarapyndan beýan edilýändigini aýtmak bilen Sloweniýanyň premýer-ministri Janez Janşanyň sözleri Ýewropa Bileleşiginiň asla çäginde däldigini yglan etdi.