Baş prokuror, Eýranyň Hazar deňziniň kanuny konwensiýasyna goşulmagyny badalga berilmegini nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i12452-baş_prokuror_eýranyň_hazar_deňziniň_kanuny_konwensiýasyna_goşulmagyny_badalga_berilmegini_nygtady
Baş prokuror, Eýranyň Russiýadaky ilçisi bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Hazar deňziniň kanuny konwensiýasyna goşulmagyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 13, 2021 06:38 Asia/Ashgabat
  • Baş prokuror, Eýranyň Hazar deňziniň kanuny konwensiýasyna goşulmagyny badalga berilmegini nygtady

Baş prokuror, Eýranyň Russiýadaky ilçisi bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Hazar deňziniň kanuny konwensiýasyna goşulmagyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Russiýada geçirlen Hazaryň kenarýaka döwletleriniň Baş prokurorlarynyň ilkinji ýygnagy barada hasabat bermek üçin Eýranyň Russiýadaky ilçisi Kazem Jalali Baş prokuror Muhammet Jafar Montazeri bilen duşuşdy.

Montazeri, bu ýygnakda Eýran Yslam Respublikasynyň Baş prokurorynyň Hazaryň kenarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki roly we wezipesi barada Hazar deňziniň bäş kenarýaka döwleti (Eýran, Russiýa, Türkmenistan, Gazagystan, Azerbaýjan respublikasy) dürli ugurlarda ýakyn gatnaşykda bolup bilerler diýdi.

Hazaryň kenarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasyndaky möhüm meseleleriň biri, Eýran Yslam Respublikasynyň bu konwensiýa goşulmaga taýynlygy, emma entek gol çekmek tapgyrna ýeten däldir diiýp Montazeri sözüne goşdy.

Hazaryň kenarýaka döwletleri daşky gurşaw meselelerinde has köp hyzmatdaşlyk etmeli we bu meseläni hukuk we kazyýet pudaklarynda has dykgat bilen yzarlarys diýip Eýranyň Baş prokurory Muhammet Jafar Montazeri aýtdy.

Eýranyň Russiýadaky ilçisi hem bu duşuşykda "Hazar deňziniň geljekde ýüzbe-ýüz boljak howplaryndan biri Hazaryň baýlyklaryndan nädogry peýdalanmak we daşky gurşaw meselesi" diýip beýan etdi.